Türkmenistanyň samboçylary Daşkentde tamamlanan ýubileý, 50-nji dünýä çempionatynda dört medal gazandylar.
Özbegistanda geçirilen, umumy baýrak gaznasy 363 müň ABŞ dollaryna deň bolan iri halkara ýaryşyna dünýäniň 101 döwletinden 508 türgen gatnaşdy. Olar üç günüň dowamynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosy, söweş sambosy hem-de körler üçin sambo boýunça üç ugurda medallaryň 33 toplumy ugrunda bäsleşdiler.
Ýaryşyň möhüm wakalarynyň biri Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) taryhynda ilkinji gezek körler üçin sambo boýunça zenanlaryň arasyndaky (SVI1 derejesinde) bäsleşikleriň ýaryşyň maksatnamasyna girizilmegi boldy. Bu bolsa guramanyň inklýuziwlik ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan dört medalynyň ählisi söweş sambosy ugrundan bolup, toparyň medal gaznasyna iki altyn we iki bürünç medal goşuldy. Çempionatyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýaryşyň ýeňijilerine 4000 ABŞ dollary, kümüş medal eýelerine 3000 ABŞ dollary, bürünç medal gazananlara bolsa 2000 ABŞ dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.
Ýaryşyň ilkinji gününde Daşoguz welaýatyndan bolan 21 ýaşly halkara derejeli sport ussady, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Sanjarbek Awazberdiýew dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol 18 türgeniň medal ugrunda bäsleşen 64 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýeledi.
Ýaryşyň ikinji gününde 28 ýaşly halkara derejeli sport ussady Muminjan Arzykulow Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň medal gaznasyna altyn medal goşdy. Ol dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 27 türgeniň gatnaşan 71 kilograma çenli agram derejesinde iň güýçli türgen boldy. M. Arzykulow sportdaky işjeň çykyşlaryny Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesindäki 5-nji sport mekdebinde tälimçilik işi bilen üstünlikli utgaşdyrýar.
Türkmen türgeni Ahmet Taňryberdiýew we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Gurbanaý Gurbanowa dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldular.
31 ýaşly halkara derejeli sport ussady Ahmet Taňryberdiýew 16 türgeniň gatnaşan 58 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol ilkinji tutluşygynda 2026-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, 24 ýaşly ukrainaly Wladislaw Kyryljugy 4:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Ikinji tutluşygynda bolsa Dünýä kubogynyň we 2026-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň iki gezek medal gazanan türgeni, 25 ýaşly ermenistanly Narek Goginýany 9:0 hasabynda uly üstünlük bilen ýeňlişe sezewar etdi.
Ýarym final tutluşygynda Ahmet Mongoliýadan bolan üç gezek dünýä çempiony Baýanduuren Gantumura 0:5 hasabynda utuldy. Şeýlelikde, ol sport karýerasynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ýatlap geçsek, ozal onuň gazanan üstünlikleriniň arasynda 2025-nji ýylda Täjigistanda geçirilen Dünýä kubogyndaky ýeňşi we 2026-njy ýylda Ermenistanda geçirilen Dünýä kubogynda gazanan kümüş medaly bardy.
21 ýaşly sport ussady Gurbanaý Gurbanowa 10 türgeniň gatnaşan 50 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdi. Ol bürünç medala barýan ýolda Ukrainadan bolan Ýuliýa Zasulskaýany 10:1 hasabynda möhletinden öň ynamly ýeňdi.
Ýarym finalda türkmen türgeni Gazagystandan bolan, soňra kümüş medala mynasyp bolan Žadyra Paýyza ýeňildi. Şeýlelikde, Gurbanaý ilkinji gezek dünýä çempionatynyň medalyny gazandy. Mundan ozal, şu ýylyň dowamynda ol Ýerewanda geçirilen Dünýä kubogynda hem kümüş medala mynasyp bolupdy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň dünýä derejesindäki çykyşlarynyň ösüş depginini hem bellemek gerek. Geçen ýyl Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen samboçylary bäş kümüş we üç bürünç medal gazanypdylar.
