SPORT

1,5 milliard dollarlyk lotos güli görnüşindäki stadion

Hytaýyň “Guançžou Ewergrand” topary 100 müň orunlyk lotos güli görnüşindäki stadionyny gurmagy meýilleşdirýär. “Sky Sports” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, stadionyň gurluşygyny 2022-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Toparyň stadionynda 168 orunlyk VIP ýeri bolar. Bu stadionyň taslamasy bezegçi Hasan Saýed tarapyndan taýýarlandy.

“Guançžou Ewergrand” topary 1954-nji ýylda döredildi. Soňky ýyllarda bu toparyň iň iri paýdarlarynyň biri  “Alibaba Group” internet-kompaniýasydyr. Internet-söwda ulgamynda iş alyp barýan bu kompaniýanyň bazar gymmaty 2020-nji ýylda 600 milliard dollardan geçdi.

“Guançžou Ewergrand” topary 8 gezek Hytaýyň çempiony boldy, 2 gezek hem Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Ol düzümindäki meşhur futbolçylar bilen hem tanalýar. Bu toparda Paulinýo (“Barselona” we “Tottenhem” toparlarynda çykyş eden braziliýaly ýarymgoragçy) we Anderson Taliska (“Benfika” we “Beşiktaş” toparlarynda oýnady) dagy çykyş edýär.

Toparyň tälimçisi bolsa, Italiýanyň meşhur futbolçysy Fabio Kannawarodyr.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi