SPORT

Dünýä çempiony 16 ýaşly küştçiden ýeňildi

Häzirki wagtda küşt boýunça dünýä çempiony Magnus Karlsen onlaýn küşt ýaryşynyň finalynda 16 ýaşly eýranly küştçi Alireza Firujadan ýeňildi. Olar «Banter Blitz Cup» bäsleşiginiň çäklerinde duşuşdylar. Ýaş küştçi bu ýeňşi bilen 14 müň  dollar gazandy.

Alireza Firuja Eýranyň iki gezek çempiony, 2019-njy ýylda  çalt küşt oýnamak görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesidir. Alireza Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy we 2018-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlaryna we 2019-njy ýylda dünýä çempionatyna gatnaşdy.

Norwegiýaly Magnus Karlsen bolsa häzirki wagtda küşt boýunça dünýäniň çempiony we küşt taryhynyň ilkinji absolýut dünýä çempionydyr (3 kategoriýada ýeňiji boldy: nusgawy, çalt  we blis).

Related posts

Serdar Azmun “Romadaky” ilkinji goluny geçirdi

Ata Watan Eserleri

Milliarder bolan ilkinji basketbolçy

Ata Watan Eserleri

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň bijeleri çekildi: “Altyn Asyr” “A” toparçada