SPORT

“Ashgabad Golf Cup 2023” halkara golf ýaryşy geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 2023-nji ýylyň 16-22-nji oktýabry aralygynda “Ashgabad Golf Cup 2023” atly halkara golf ýaryşy geçiriler. Bu barada Halkara habarlar merkezi “Aşgabat golf kluby” açyk paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Ýarryş paýtagtymyz Aşgabatdaky golf klubynda geçirilip, ol hem “Ýyldyz” myhmanhanasynyň günorta böleginde ýerleşýär. Ýaryşa ýerli hem-de daşary ýurtly – Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Belarus, Azerbaýjan, Türkiýe, Saud Arabystany ýaly döwletlerden golf türgenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu ýaryşyň öňüsyrasynda Türkmenistanda Russiýanyň belli golf türgeni geldi. Anton Samsonow Aşgabatda bolan döwründe ýerli türgenlere hem-de sportuň bu ugruna höwesek adamlara master-klas sapagyny geçdi. Şeýle hem ol golf sporty boýunça türgenleşmegiň käbir inçe syrlary barada maglumat berdi.

Aşgabadyň golf-klubynyň direktory Perhat Berkeliýew Anton Samsonow bilen çempionata taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Russiýaly golfçy klubyň infrastrukturasynyň ýokary derejede halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Aşgabatdaky ýaryşyň maksatnamasyna paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine gezelençleri guramak hem girizildi. Ýaryşyň maksady halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekden hem-de Türkmenistanda golf sportuny giňden ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy