SPORT

20:0 hasaply duşuşyk

Angliýanyň zenanlar milli ýygyndysy uly hasaply ýeňiş gazandy. Angliýanyň ýygyndysy 2023-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçiriljek Dünýä kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň çäklerinde “D” toparçasynda Latwiýanyň ýygyndysyny 20:0 hasabynda ýeňdi.

Saýlama duşuşyklaryň 6-njy tapgyrynda oýnalan oýunda Angliýanyň zenanlary öz üstünligini görkezdi. Iňlis zenan futbolçylar duşuşygyň birinji ýarymynda garşydaşlarynyň derwezesine 8 jogapsyz pökgi girizdi. Ikinji ýarymynda hem ýene-de 12 gol geçiren Angliýanyň ýygyndysy geçiren 6 duşuşygyň ählisinde hem ýeňiş gazandy.

20:0 hasaply duşuşykda Angliýanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde Betani Mead, Lauren Hemp, Alessia Russo hem-de Elen Waýt 3 goldan geçirdi. Elle Tun hem-de Betani Ingland bolsa 2 gol geçirdi. Şeýle hem Jill Skot, Jessika Karter, Jordan Nobbs hem-de Jorjiaý Stanweý dagy tapawutlanmagy başardy.

Angliýanyň zenanlar ýygyndysy Ýewropa saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçiren 6 duşuşygynda jemi 53 gol geçirdi.

 

Dünýäniň iň gadymy agajy

 

Related posts

Portugaliýanyň çempionatynyň hüjümçisi “Arsenala” geçdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Sadio Mane Ronaldo bilen topardaş boldy