DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gadymy agajy

ABŞ-daky sosna agajy, dünýäniň iň gadymy agaçlaryndan biri, 5 müň ýyla golaý taryhy bar. Agajyň ýerleşýän ýeri ony goramak maksady bilen mälim edilmeýär.

Dünýäniň iň gadymy agajy “Mafusail” diýlip atlandyrylyp, ol gündogar Kaliforniýadaky Bristlekon tokaýlygynda ýerleşýär. Agajyň ýaşynyň 4853 ýyldygy mälim edilýär.

Agaç 1957-nji ýylda alym Edmund Şulman tarapyndan ýüze çykaryldy. Ýöne agajyň takyk ýerleşýän ýeri mälim edilmeýär. Bu agajy goramak maksady bilen amala aşyrylýar.

Bristlekon tokaýlygynda ýerleşýän sosna agaçlary dünýädäki iň uzak ýaşaýan janlylaryň biri hasaplanýar. Kaliforniýadaky 5 müň ýyllyk sosna agajynyň ýerleşýän ýerindäki agaçlaryň bary hem köp ýyllyk agaçlardyr.

 

1-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Alymlar reňkiň täze görnüşini açdylar

ABŞ Döwlet Departamenti C5+1-nyň 10 ýyllygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa Işewürlik Maslahatyny geçirer

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy