DÜNÝÄ

“Google”-iň ulagy näçe kilometr ýol geçdi?

Soňky ýyllarda öz-özüni dolandyrýan ulag tehnologiýalaryny öndürýan kompaniýalaryň sany barha artýar. Şolardan biri hem geljekde doly awtomatlaşdyrylan robot taksi hyzmatyny hödürlemegi meýilleşdirýän “Google Waymo” kompaniýasydyr. Bu kompaniýa eýýäm birnäçe aý mundan ozal ABŞ-da sürüjisiz awtoulaglaryny synagdan geçirip gelýär. “Waymo” kompaniýasy 2019-njy ýylda we 2020-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda öz-özi sürýän awtoulaglaryny synagdan geçirmegiň köp tapgyryny başdan geçirdi. “Waymo” kompaniýasynyň ulaglary 2019-njy ýylyň başyndan bäri jemi 9,76 million kilometri synagdan geçirdi diýip, hasabatda beýan edilýär.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Related posts

Ýewropa Parlamentinde türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan mejlis geçirildi

Pakistanda «Miýawiki» tokaýlary döreýär  

Aşgabat Howa dialogy dörediler

Ata Watan Eserleri