DÜNÝÄ

Oskar baýragy hakynda şatlykly habar

“Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy pandemiýa sebäpli indiki ýylyň 25-nji apreline süýşürildi. Muşdaklar Oskar baýragy, şu ýylky baýraklaryň köpüsi ýaly onlaýn arkaly geçirilermi diýen pikirde boldular. Emma bu akademiýa “Oskar” baýragynyň 93-nji gowşurylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde tomaşaçyly ýagdaýda geçer diýip belledi.

Şeýle hem akademiýanyň resmi adamlary Los-Anjeles ştatynyň “Dolbi” teatryna baryp gördüler. Indiki ýylda 3400 orunlyk “Dolbi” teatrynda geçiriljek “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy näçe adamyň gatnaşjakdygy mälim edilmedi. Bu dabaranyň senesiniň yza süýşürilmegi bilen bilelikde, Oskar baýragyna baha berjek filmleriň ilkinji görkeziliş senesi hem üýtgedilendigi barada ýatladýarys. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2021-nji ýylyň 28-nji fewraly aralygynda düşürilen ýa-da sanly platformalarda ýaýlyma berilýän filmleriň Oskar baýragy üçin baha beriljekdigi mälim edildi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy