SPORT

Ronaldo 1000 gol sepgidine ýetmegi maksat edinýär

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, «Altyn top» baýragynyň bäş gezek eýesi Kristiano Ronaldo karýerasynda 1 000 gol sepgidine ýetmegi öz öňünde maksat edip goýandygyny, ýöne bu pikire aşa berilmändigini aýtdy.

«1 000 gol sepgidi? Men oňa ýetmek isleýärin we hökman ýeterin. Ýöne men muňa aşa berlen däl. Men hiç haçan hiç bir zada aşa berilmeýärin, sebäbi bir zat adamyň aňyny doly eýelände, işler biziň isleýşimiz ýaly gitmeýär. Häzirki wagtda meniň iki maksadym bar: Milletler ligasynda ýeňiş gazanmak we 1 000 gol sepgidine ýetmek», — diýip Ronaldo aýtdy.

Milletler Ligasy ýaryşynda Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Uels (24-nji sentýabr) we Norwegiýa (4-nji oktýabr) ýygyndylary bilen duşuşarlar. Şeýle hem olar myhmançylykda Norwegiýa (27-nji sentýabr) we Daniýa (1-nji oktýabr) garşy oýnarlar.

Ronaldo 41 ýaşynda. Ol Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir. Milli ýygyndylaryň taryhynda, Ýewropa çempionatlarynda, Çempionlar ligasynda we klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatlarynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordlar oňa degişlidir.

Futbolçy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri «Al-Nasr» klubynda çykyş edýär. Karýerasynyň dowamynda hüjümçi Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real Madrid» we Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda hem oýnady.

Ronaldonyň karýerasynda jemi 979 goly bar. Olaryň 146-syny Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň, 833-sini bolsa klub derejesinde geçirdi.

Related posts

Maýk Taýson hem-de bloger Jeýk Pol boks tutluşygyna çykýar

Ata Watan Eserleri

Iň güýçli türgenler

“Arkadag” topary bassyr ikinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy