SPORT

«Migrasiýa» woleýbol topary – Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyzyň sagdynlygy we bagtyýarlygy barada beýik işler durmuşa geçirilýär.
Hazirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, harby gullukçylardan ybarat bolan sport toparlaryň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli görnüşli sport ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin oňaýly mümkinçilikleri döredilýär.
Golaýda, Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň Naýbaşy kubogyny almak ugrundaky geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa» woleýbol topary üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmagy başardy. Bu bolsa Gullugymyzyň harby gullukçylarynyň ýurdumyzyň sport äleminde gazanan nobatdaky ajaýyp üstünligidir. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda sporty we bedenterbiýäni giňden ýaýbaňlandyrmak babatda gurnalýan şeýle ýaryşlar ilkinji nobatda ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejesinde ösdürjek türgenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň türgenleri bilen birlikde Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň hem Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde bolup, sportuň dürli görnüşlerinden halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşmaklary we baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary aýratyn buýsandyryjy wakadyr.

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady