SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

Garyşyk söweş sungatlarynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow bu görnüşiň dürli ligalaryndaky 26-njy ýeňşini gazandy. Ol PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly pälwan Taýson Pedrodan üstün çykmagy başardy.

Ýeňşiň aňsady ýok. Garşydaşyň bu ligada ilkinji tutluşygyny geçirýändigine garamazdan, ol örän güýçli göreşiji. Şeýle bolansoň, bu ýeňiş Döwletjan üçin ýeňil düşmedi. Ikitaraplaýyn yzygiderli urgulardan iki tarap hem paýyny aldy. Ýöne biziň ildeşimiziň owadan tilsimleri we urgulary oňa garaşylan ýeňşi getirdi. Şeýlelikde, türkmenistanly janköýerleriň millionlarçasynyň guwanjy Döwletjan oktagonda ýene bir gezek ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagyna sebäp boldy. Tutluşyk 29:28 hasabynda peýdasyna tamamlandy.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy