SPORT

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

“Bawariýanyň” futbolçylary “Ştutgardy” 4:2 hasabynda ýeňip, möhletinden öň Germaniýanyň futbol çempiony diýen ady eýelediler.

Ýeňiji bolan toparyň düzüminde gollary Rafael Gereýra (31-nji minut), Nikolas Jekson (33), Alfons Dewis (37) we Garri Keýn (52) geçirdi. Ýeňilen topardan bolsa Kris Fýurih (21) we Çema Andres (89) tapawutlandylar.

30-njy tapgyrdan soň “Bawariýa” 79 utuk toplady. Çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda, mýunhenliler 30 oýunda 64 utuk toplap, ikinji orunda barýan Dortmundyň “Borussiýasy” üçin elýetmez boldular.

“Bawariýa” Germaniýanyň çempionatyny 35-nji gezek gazandy we bu görkeziji boýunça rekord eýesi bolup durýar. Ikinji orny 9 çempionlyk bilen “Nýurnberg”, üçünji orny bolsa 8 ýeňşi bolan Dortmundyň “Borussiýasy” eýeleýär.

“Bawariýa” möwsümdäki ikinji kubogyny gazandy; awgust aýynda mýunhenliler finalda “Ştutgardy” 2:1 hasabynda ýeňip, Germaniýanyň Superkubogynyň eýesi bolupdylar.

Şeýle-de klub Germaniýanyň Kubogy we Çempionlar Ligasy ugrunda göreşini dowam etdirýär. 22-nji aprelde mýunhenliler ýurduň kubogynyň ýarym finalynda myhmançylykda “Baýer” bilen oýnarlar.

Çempionlar Ligasynyň 1/2 finalynda bolsa “Bawariýa” topary Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy

Türkmenistanyň futbol wekiliýeti Wankuwerde

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempionatynda 100-nji goluny geçirdi

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri