SPORT

Russiýada bassyr 6-njy gezek “Zenit” çempion boldy

Russiýanyň futbol boýunça milli çempionaty tamamlandy. Çempionatyň çempiony soňky tapgyrda belli boldy. “Dinamo” hem-de “Zenit” toparlarynyň çempion bolmak mümkinçiligi bardy. “Dinamo” toparyna 1 utuk çempionlyk üçin ýeterli bolupdy.

Ýöne, “Dinamo” topary “Krasnodar” toparyndan 1:0 hasabynda utuldy. “Zenit” bolsa “Rostow” toparyny 2:1 hasabynda utup, yzly-yzyna 6-njy gezek çempion bolmagy başardy.

Russiýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 30-njy tapgyrynyň netijesinde, “Zenit” topary nobatdaky çempionlygyny yglan etdi. 57 utuk jemlän “Zenit” topary bassyr 6-njy çempionlygyny gazandy.

“Krasnodar” topary bolsa, öz taryhynda ikinji bolmagy başardy.

Şeýlelikde, “Zenit” topary çempion bolmakda “Spartak” topary bilen deňleşdi. Her iki topar 10 gezek çempion boldy.

Çempion bolan “Zenit” topary çempionatyň tamamlanan tapgyrynda baş tälimçisi Sergeý Semak bilen ýene-de 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 48 ýaşyndkay Semak 2018-nji ýylda bu topara tälimçi hökmünde bellenipdi we onuň tälimçilik döwründe topar 6 gezek çempion boldy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy