SPORT

Ronaldo Germaniýa geçip bilermi?

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň Germaniýanyň çempionatyna geçip biljekdigi mälim edildi.

Ispaniýanyň metbugatynyň habaryna görä, portugaliýaly Ronaldo mundan beýläk “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde çykyş etmegi göz öňünde tutmaýar.

37 ýaşyndaky hüjümçi Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna geçip biler. Bu wariant Robert Lewandowskiniň “Bawariýa” toparyndan giden halatynda amala aşyrylar. Lewandowski topardan gitmegi göz öňünde tutýar. Ýöne “Bawariýa” bolsa, futbolçynyň şertnamasyny doly tamamlamagyny isleýär. Lewandowskini şertnamasy indiki ýyl dolýar.

Ronaldo 12 ýyldan soňra “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp geldi. Ol 30 duşuşykda 18 gol geçirdi. Köp sanly rekordlaryň eýesi bolan Ronaldonyň “Mançester Ýunaýted” toparynda isleýşi ýaly üstünlikler gazanyp bilmedi.

 

ÝB Owganystana 1 million ýewrolyk ynsanperwer kömegini ugradar

Related posts

“Real Madrid” toparynyň jemgyýetçilik torlarynda 600 million abunaçysy bar

Konte “Inter” toparynyň tälimçiliginden gitdi

Keýn «Tottenhem»-den gidip biler

Ata Watan Eserleri