DÜNÝÄ

ÝB Owganystana 1 million ýewrolyk ynsanperwer kömegini ugradar

Ýewropa Bileleşigi ýertitreme zerarly ejir çekýän Owganystana 1 million ýewro möçberinde ynsanperwer kömegini bermek hakynda çözgüt kabul etdi.

Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyga ýol açdy. Soňky maglumatlara görä, müňden gowrak adma pida boldy. Tebigy betbagtçylygyň bolan ýerlerinde 270 müňden gowrak adam gyssagly kömege mätäç bolup durýar.

Şonuň Ýewropa Bileleşigi gyssagly ýagdaýda bu ýurda 1 million ýewro möçberinde ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy hakynda çözgüt kabul etdi.

Ýewropa Bileleşigi ynsanperwer kömeginiň gyssagly ýetirilmegi üçin Birleşen Milletler Guramasy hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk eder.

Maliýe serişdeleri owgan halkynyň gaýragoýulmasyz zerurlyklaryny, ýagny lukmançylyk sarp ediş serişdeleri, suw üpjünçiligi, arassaçylyk hyzmatlary üpjün etmek üçin ulanylar.

Mälim bolşy ýaly, Owganystanda 6.1 Rihter ölçeginde güýçli ýer ynanmasy boldy.

Türkmenistan döwletimiz hem ýakyn wagtda Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini ýollamaga taýýardygy barada habar berdi.

 

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy