DÜNÝÄ

Gresiýanyň ilkinji zenan prezidenti

Gresiýanyň parlamenti ýurduň Prezidenti wezipesine Katerina Sakellaropoulou saýlady. 63 ýaşyndaky Katerina Sakellaropoulounyň dalaşgäriligini 300 deputatdan 261-si goldady. Onuň dalaşgärligini ýurduň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis hödürläpdir.

Mundan ozal, Katerina Sakellaropoulou Döwlet Geňeşiniň Başlygy – Gresiýanyň Ýokary administratiw kazyýetiniň başlygy wezipelerinde işläpdi.

Katerina Sakellaropoulou 5 ýylyň dowamynda Gresiýanyň Prezidenti wezipesinde işlär. Ol şu ýylyň 13-nji martynda wezipesine girişer. Häzirki Prezident Prokopis Pawlopulosyň wezipesine şonda tamamlanar.

Ýurduň 1975-nji ýylda Konstitusiýasyna laýyklykda, Gresiýa parlament respublikasydyr. Döwlet baştutany – prezident bolup, ol simwoliki wezipeleri ýerine ýetirýär. Esasy hökümet işlerini Premýer-ministr alyp barýar. Prezident halkara jemgyýetçiliginde ýurda wekilçilik edýär, şertnamalar gol çekýär, Premýer-ministri belleýär, diplomatik wekilleri kabul edýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyla resmi sapar bilen çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Tramp Rim Papasynyň ýas dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Russiýa güni bilen gutlady