DÜNÝÄ

Aziýa Ösüş Banky bilen TOPH taslamasy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  Direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçiliriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi.

Sebit we halkara energetiki hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  Direktoryny gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

 

Hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Related posts

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

TOPH gaz geçirijisi boýunça bilelikdäki hereketler işjeňleşdiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranda saparda bolar