SPORT

Özüni «Ferrari» bilen köşeşdirdi

Futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldu bolsaň, özüňe «Ferrari» bilen göwünlik bermek täsinlik däl. Portugaliýaly ýyldyz hut şeýle hem etdi…

«Ýuwentusyň» Italiýanyň çempionatyndaky soňky duşuşygynda «Milandan» 0:3 hasabynda ýeňlendigini habar beripdik. Ronaldu bu duşuşykdan soňky türgenleşige gatnaşmady-da, «Niredesiň, «Ferrari»?» diýip, ýola düşdi. Özi-de ýeke gitmedi.

10-njy maýdaky türgenleşiklere gatnaşmadyk ýyldyz futbolça klubyň prezidenti Andrea Anýelli bilen direktorlar geňeşiniň başlygy Jon Elkan hem goşuldy.  

Soň näme bolandyr öýdýäňiz? «Calciomercato» neşiriniň ýazmagyna görä, Ronaldu özüne «Ferrari» satyn aldy…

Hytaý-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriň duşuşygy geçirildi

 

 

 

Related posts

Mbappe 2 dünýä çempionatynda iň köp gol uran ilkinji futbolçy boldy

Türkmenistanyň futbol çempionaty badalga alýar

Dünýä çempionaty: 22 dünýä çempionatyny 43.9 million janköýer tomaşa etdi