SPORT

19 ýyldan soň çempion boldy

“Sporting” topary Portugaliýa futbol çempionatynyň 32-nji tapgyrynda öz öýünde “Boawista” toparyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş topara 2020/21 möwsüminde ýurduň çempiony bolmaga mümkinçilik berdi.

“Sporting” topary ýurduň çempionatynda 82 utuk bilen birinji orunda barýar. Çempionatyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galandygyna garamazdan, çempionlygyny yglan etdi. Onuň esasy bäsdeşi Lissabonyň “Porto” topary 74 utuk bilen ikinji ýeri eýeledi.

Şeýlelik bilen, “Sporting” topary 19 ýyldan soň çempion boldy. Ol soňke gezek 2001/02 möwsümde çempion bolupdy. Topar umumylykda 19-njy çempionlygyny eýeledi.

Şeýle hem “Sporting” topary 17 gezek Portugaliýa kubogyny, 3 gezek Portugaliýa ligasynyň kubogyny we 8 gezek ýurduň Super kubogyny gazanmagy başaran güýçli toparlaryň biridir.

Angliýanyň çempiony – “Mançester Siti”

 

Ýene-de okaň

Messi finalda: dünýä çempionatyndaky rekordlary

Messili Argentina dünýä çempionatynda finala çykdy

Ispaniýa dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy

Dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy belli bolar

“Arkadag” topary Hindistanyň “Goa” topary bilen duşuşar

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar