SPORT

“Doha Gran-Pri”: Türkmenistan 10 medal gazandy

2023-nji ýylyň 4-14-nji dekabry aralygynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde agyr atletika boýunça halkara ýaryş geçirildi. “Doha Gran-Pri” ýaryşyna Türkmenistan 14 türgen bilen gatnaşyp, 10 medal gazanmagy başardy.

Bu halkara ýaryşa 96 döwletden 382 türgen gatnaşdy. Türkmenistandan Bunýad Raşidow 67 kg, Gaýgysyz Töräýew 81 kg, Şahzadbek Matýakubow 96 kg we Anamjan Rustamowa 87 kg agramda bäsleşip, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy jemi 10 medal gazandy. Olaryň 4-si altyn, 2-si kümüş we 4-si bürünç medallardyr.

Ýene-de okaň

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

“Zenit” topary 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar