SPORT

Çempionlar ligasy: Messi, Neýmar, Mbappe ýaryşdan çykdy

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary öz meýdançasynda Messili, Mbappeli we Neýmarly Fransiýanyň “PSŽ” toparyny kabul etdi.

“Real Madrid” topary 106 sekuntyň dowamynda “PSŽ” toparyny ýeňmegi başardy. “PSŽ” topary 39-njy minutda Mbappe bilen öňe geçdi. Ýöne Karim Benzemanyň geçiren 3 goly, “Real Madrid” toparyna 1/4 finala çykmaga mümkinçilik berdi.

Kairm Benzema 61-nji minutda hasaby açdy, 76-njy we 78-nji minutlarda bolsa geçiren 2 goly bilen Messini, Neýmary we Mbappeni Çempionlar ligasynyň kubogyndan daşlaşdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, bu duşuşygyň birinji oýnunda Fransiýada “PSŽ” topary 1:0 hasabynda ýeňipdi.

Şeýlelikde, dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň biri bolan Lionel Messi 7 ýyldan bary yzly-yzyna Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmän gelýär.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen Portugaliýanyň “Sporting” topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşygyň birinji oýnunda “Mançestes Siti” myhmançylykda 5:0 hasabynda ýeňendigi üçin 1/4 finala çykmak mümkinçiligine eýe bolan topar boldy.

Şeýlelikde, häzirki wagtda “Liwerpul”, “Bawariýa”, “Real Madrid” we “Mançester Siti” toparlary 1/4 finala çykdy.

 

Stambul-AÅŸgabat-Stambul gatnawy amala aÅŸyryldy

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar