DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy gepleşikleriň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, bilim, ylym we syýahatçylyk ulgamlaryndaky özara hereketleriň, şeýle hem parlamentara we pudagara hyzmatdaşlygyň işjeň ösüş depginine ýokary baha berdiler.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem ýokary derejedäki gepleşikleri yzygiderli goldamagyň wajypdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselelerine, şeýle hem şol Maksatnamanyň çäklerinde pudagara özara hereketleri mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn belläp geçdiler.

Related posts

Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasy açyldy

Hytaý bilen Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny tassyklady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy