Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde biodürlüligi gorap saklamak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine bagyşlanan maslahatda çykyş etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşmagynda geçirilen çärä Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Gismat Gozalow çykyşynda ählumumy ekologik meseleleriň wajyplygyna ünsi çekip, biodürlüligi gorap saklamakda we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Ilçi daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem Azerbaýjanda biodürlüligi gorap saklamak, tebigy ekoulgamlary dikeltmek we aýratyn goralýan tebigy zolaklaryň çägini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Axar-Baxar we Ilisu milli seýilgähleriniň, 2026-njy ýylda bolsa Garabag milli seýilgähiniň döredilendigini belledi.
Gismat Gozalow Azerbaýjanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar we öňde goýlan maksatlar barada durup geçdi. Ýurtda soňky ýyllarda kuwwaty 330 megawata deň bolan gün elektrik stansiýalarynyň we 240 megawatlyk ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berlendigini, 2027-nji ýyldan başlap bolsa Sangaçal nebit we gaz terminalynyň gün energiýasy bilen üpjün edilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şeýle hem 2032-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny 6–8 gigawata ýetirmegiň, ýurduň umumy elektrik energiýasyny öndürmek kuwwatynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny bolsa 2030-njy ýyla çenli 39 göterime, 2035-nji ýyla çenli 43 göterime ýetirmegiň maksat edinilýändigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ilçi Azerbaýjanyň 2024-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 29-njy maslahatyna (COP29) ýer eýeçiligini edendigini belläp, maslahatyň çäklerinde howanyň maliýeleşdirilmegi, ösüp barýan ýurtlara goldaw berilmegi we ählumumy klimat hereketleriniň güýçlendirilmegi boýunça gazanylan netijeleriň ähmiýetine ünsi çekdi.
Ilçi, şeýle hem, Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýaşyl energiýa ulgamyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady. COP29-yň çäklerinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasynda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we geçirmek boýunça strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň baglaşylmagyny, şeýle hem Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa ýaşyl energiýanyň geçirilmegini göz öňünde tutýan elektrik geçiriji kabel taslamasyny bu hyzmatdaşlygyň möhüm netijeleriniň biri hökmünde görkezdi.

Mundan başga-da, Gismat Gozalow SPECA we CAREC maksatnamalarynyň çäklerinde klimat we innowasiýalar ulgamlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine degip geçdi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen SPECA Ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň COP29-yň çäklerinde gol çekilen SPECA-nyň Akylly şäherler boýunça Klimat forumyny döretmek hakynda Niýetler Jarnamasyna goşulandygyny, şeýle hem COP29-yň çäklerinde «Hazar öýi platformasy» taslamasynyň tanyşdyrylyp, degişli Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilendigini belledi.
Şeýle hem Gismat Gozalow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, alternatiw energiýany ösdürmek we metan zyňyndylaryny azaltmak ugurlarynda alyp barýan hyzmatdaşlygyny nygtap, iki ýurduň hem Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny belledi.

Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamagyň Hazarýaka döwletleri, şol sanda Azerbaýjan we Türkmenistan üçin umumy ähmiýete eýedigini bellän ilçi, deňziň biodürlüligini goramak we suw derejesiniň peselmegi bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça bilelikdäki hereketleriň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçirilen ilkinji Hazar ekologiýa sammitiniň ähmiýetine ünsi çekdi.
Ilçi, şeýle hem, Türkmenistanyň biodürlüligi gorap saklamak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirýän çärelerine, şeýle-de COP31-iň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi.
Gismat Gozalow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatynda halkara we sebit platformalarynda öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň sebit ekologik howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşjakdygyny aýtdy.
