SPORT

Lamin Ýamal Peläniň rekordyny goýdy

Germaniýada ahyrlap barýan futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýaş futbolçysy Lamin Ýamal ýaryşyň iň ýaş futbolçysy boldy. Ispaniýanyň düzüminde 16 ýyl 11 aý 3 gün döwründe meýdança çykan Lamal Fransiýa bilen geçirilen futbol çempionatynyň ýarym finalynda çempionatyň 3-nji rekordyny goýdy.

Ol bu duşuşykda tapawutlanyp, Ýewropa we dünýä çempionatlarynyň taryhynda gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy. Mundan ozal, bu rekord 66 ýyl saklandy we rekord dünýä belli futbolçy Pele degişlidi. Lamin 16 ýyl 362 gün diýlende, uly ýaryşda tapawutlanan iň ýaş futbolçy boldy.

Lamin Ýamal Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň akademiýasynda ýetişen futbolçy. Onuň kakasy marokkoly, ejesi bolsa Ekwatorial Gwineýa ýurdundandyr. Ýamal özi bolsa, Ispaniýa dünýä indi. Şol ýerde hem onuň futbol durmuşy başlady.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy