JEMGYÝETSPORT

Messiniň ilkinji goluna 15 ýyl dolýar

2005-nji ýylyň 1-nji maýynda “Barselona” özüniň milli çempionatynda 34-nji tapgyrynyň oýnunda öz meýdançasynda “Albasete” topary kabul edýärdi. Duşuşygyň 87-nji minutynda “Barselona” 1:0 hasaby bilen öňdedi, soňra bolsa toparyň tälimçisi Frank Raýkard oýun çalşygyny geçirýär.  Meýdançadan Samuel Eto’O çykýar we onuň ýerine “Barselonanyň” düzüminde ilkinji oýnuna 17 ýaşly Lionel Messi girýär. Soňra ýaş Messi futbol taryhynyň owadan oýny bilen tanalýan Ronaldinýonyň ýardam pasyny kabul edip, derwezebandan üstaşyr geçirip hasaby artdyrmagy başarýar. Şeýlelikde Messi özüniň “Barselona” toparynyň taryhynda ilkinji golyny geçirip, adyny dünýä tanadýar. Häzirki wagtda Messi “Barselonanyň” düzüminde 600 gezek gol geçirmegi başardy, emma onuň ilkinji geçiren goly janköýerleriň ýüreginde baky ýaşar.

Messiniň ilkinji geçiren goluna şu gün 15 ýyl dolýar.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy