JEMGYÝET

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Deýwid Heýliň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli aragatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm mehanizmi bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Taraplar häzirki ýagdaýdaky özara goldawyň oňyn mysallaryna aýratyn ünsi çekip, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem sebitara we halkara derejedäki özara gyzyklanma döredýän birnäçe meselä garaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi