JEMGYÝET

Ýumurtgany haýsy görnüşde bişirmeli

“Express” neşirinde Angliýanyň Milli saglyk gullugynyň alymlarynyň ýumurtganyň nähili görnüşde saglyk üçin has peýdalydygy baradaky eden gözlegleriniň netijesinde taýýarlanan materiallary çap edildi.

Çap edilen maglumatlara görä, ýumurtganyň peýdasy onuň taýýarlanyşyna baglydyr. Şeýlelik bilen, ýumurtga bişirmegiň iň dogry usuly ony gaýnatmakdyr. Sebäbi şeýtmek ýumurtganyň ähli peýdaly aýratynlyklaryny saklamaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler önümi duz atylmadyk suwda gaýnatmagy maslahat berdiler.

Omlet ýumurtga taýýarlamak üçin başga bir peýdaly usuldyr. Bu ýerde bir aýratynlyk hem bar – ony az ýagly süýtde bişirmek.

Alymlar ýumurtgany bişirmegiň iň zyýanly usulynyň ony gowurmakdygyny bellediler. Ýumurtgany ýagda gowurmak onuň düzümindäki ýagyň tas iki esse artmagyna getirip bilýär.

 

Hytaý Türkmenistanyň tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurt

 

 

 

Related posts

Dünýä çempionaty: Braziliýa ynamly öňe barýar

vepa

Dünýäde kagyza isleg azalýar

Türkmenistan ve Almanya Dışişleri Bakanları görüştü

vepa