SPORT

Çempionlardan aýlygyndan ýüz öwürmegi haýyş edildi

Milan şäheriniň «Inter» futbol klubynyň oýunçylaryndan 2 aýlyk zähmet hakyndan ýüz öwürmegi haýyş edildi. Bu barada «Sky Sport Italia» habar berýär.

Bu barada klubyň prezidenti Stiwen Çžan oýunçylar bilen geçiren ýygnagynda mälim etdi. Çünki klub häzir maddy kynçylyklary çekýär. Bu meselede her bir futbolçy barada aýratyn karar kabul edildi.

Aýdylyşyna görä, futbolçylar ýakynda klubyň ýolbaşçylaryna gelen netijesi barada habar bererler. Araky ýygnaga toparyň baş tälimçisi Antonio Konte gelmedi. Oňa beýle teklibiň edilip, edilmänliginden heniz habar ýok.

«Interiň» şu ýyl 35 duşuşykda 85 utuk toplap, heniz möwsüm tamamlanmanka, Italiýanyň çempiony bolandygyny ýatladýarys.

 

19 ýyldan soň çempion boldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy