SPORT

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Dünýä belli futbolçy Lionel Messi, Kristiano Ronaldodan soň “Instagram” jemgyýetçilik torunda 500 million yzarlaýja ýeten ikinji ulanyjy boldy.

Argentinanyň dünýä ýyldyzynyň platformadaky her paýlaşan teswiri üçin 2,6 million dollar gazanýar diýlip çaklanylýar.

Beýleki dünýä ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň geçen ýylyň awgust aýynda “Instagram” jemgyýetçilik torundaky yzarlaýjylarynyň sany 600 milliona ýetipdi.

Portugaliýaly ýyldyzyň 2024-nji ýylyň fewral aýyndaky yzarlaýjaysy 622 milliona barabar boldy.

“Instagram” jemgyýetçilik torunda iň köp yzarlaýjysy bolan 10 meşhur:

1. Kristiano Ronaldo – 622 million

2. Lionel Messi – 500 million

3. Selena Gomez – 429 million

4. Kaýli Jenner – 400million

5. Dwaýn Jonson – 396 million

6. Ariana Grande – 380million

7. Kim Kardaşýan – 364 million

8. Beýonse – 319 million

9. Hloýa Kardashian – 311 million

10. Kendall Jenner – 294 million

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy