SPORT

Iordaniýa ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynda finala çykdy

Katar Döwletinde dowam edýän Aziýanyň Kubogy ahyrlap barýar. Ýarym final duşuşyklarynyň ilkinjisi geçirildi. Onda Iordaniýanyň milli ýygyndysy Aziýanyň güýçli ýygyndylaryndan Günorta Koreýany 2:0 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, Iordaniýanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynda finala çykdy. Mundan ozal, bu ýygyndy çärýek finaldan geçip bilmändi.

Günorta Koreýanyň ýygyndysy ýene-de bu kubogy gazanmak başartmady. Soňky gezek Koreýanyň ýygyndysy 1960-njy ýylda bu kubogy gazanypdy.

Şu gün Eýran bilen Kataryň ýygyndysy duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi finalda Iordaniýa bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy