SPORT

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Futbol boýunça Norwegiýanyň milli ýygyndysy Braziliýanyň toparyny 2:1 hasabynda utdy we Meksikada, ABŞ-da hem-de Kanadada geçirilýän 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň çärjek finalyna çykdy. Skandinawiýa toparyna ýeňşi Angliýanyň  “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Erling Holandyň  80-nji we 90-njy minutlarda geçiren 2 goly getirdi.

Braziliýanyň ýeke-täk goluny 11 metrlik jerime urgusyndan Neýmar geçirdi.

Duşuşyk Ist-Raterfordda (ABŞ, Nýu-Jersi ştaty) geçirildi. Bäsdeşler ilkinji minutlardan başlap ýokary depginde oýnadylar. Eýýäm 3-nji minutda norwegiýaly Patrik Berg gol geçirdi, emma ofsaýd sebäpli gol hasaba alynmady.

Tiz wagtdan braziliýalylarda hem ajaýyp mümkinçilik döredi – Kristofer Aýer jerime meýdançasynda Mateus Kunýany ýykdy, ýöne Bruno Gimaraýns 11 metrlik jerime urgusyny amala aşyryp bilmedi.

Norwegiýanyň ýygyndysy ilkinji gezek dünýä çempionatynyň çärjek finalyna çykdy. Topar dünýä birinjiligine dördünji gezek gatnaşýar: 1994-nji ýylda olar topardan çykyp bilmediler, 1938-nji we 1998-nji ýyllarda bolsa 1/8 final tapgyrynda ýaryşy tamamladylar.

Braziliýalylar soňky 36 ýylyň içinde ilkinji gezek dünýä çempionatynyň çärjek final tapgyryna çykmak mümkinçiligini elden berdiler.

Braziliýanyň ýygyndysy iň soňky gezek şeýle netijäni 1990-njy ýylyň çempopnatynda görkezipdi. Şonda 1/8 finalda braziliýalylar Argentinanyň toparyndan utulypdylar.

Braziliýanyň ýygyndysy dünýä çempionaytnyň taryhynda iň köp çempion alan ýygyndy bolup durýar. Olar 1958-nji, 1962-nji, 1970-nji, 1994-nji we 2002-nji ýyllarda dünýä çempiony boldular. Braziliýalylar iň soňky ýeňişli çempionatyndan bäri finala çenli ýetip bilmediler.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy