SPORT

Azmun bilen gyzyklanýanlar köpelýär

Russiýanyň “Zenit” toparynyň hüjümçisi, eýranly futbolçy Serdar Azmun bilen gyzyklanýan futbol toparlary sany köpelýär. Eýranly futbolçynyň mundan soňra futbol ýoluny Ispaniýada dowam etdirip biler. 26 ýaşly futbolçy bilen Ispaniýanyň “Walensiýa” topary gyzyklandy.

“El Gol Digital” neşiriniň habaryna görä, “Walensiýa” topary Maksi Gomesi başga topara iberen halatynda, öz düzümine Serdar Azmuny almagy meýilleşdirýär.

Mundan ozal, “Zenit” toparynyň hüjümçisi Azmun bilen Italiýanyň iki güýçli topary  – “Atalanta” bilen “Roma” toparlary hem gyzyklanypdy.

Azmun şu möwsümde Russiýanyň çempionatynda 22 duşuşykda çykyş edip, 16 pökgi geçirdi.

Işde galmak üçin artykmaç hukuklar barada maglumat

Related posts

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişine başlanar

Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşyna bagyşlanan mediaforum