SPORT

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygynda Meksikanyň toparyny 3:2 hasabynda utdular. Oýun Mehiko şäherinde geçirildi.

Angliýany ýygyndysynda gollary Jud Bellingem (36 we 38-nji minutlarda) hem-de Garri Keýn (60, penaltiden) geçirdiler. Meksikanyň toparyndan bolsa Hulian Kinýones (42) we Raul Himenes (69, penaltiden) tapawutlandylar.

Oýnuň 54-nji minutynda iňlisleriň goragçysy Jarell Kuansa gödek oýny üçin meýdançadan çykaryldy.

Çärjek finalda Angliýany ýygyndysy braziliýalylary 2:1 hasabynda ýeňen Norwegiýanyň topary bilen duşuşar. Bu oýun 12-nji iýula geçilýän gije bolar.

Meksikanyň ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty bilen hoşlaşan ikinji ýer eýesi ýygyndy boldy. Mundan ozal 1/8 final tapgyrynda Marokko toparyndan utulan (0:3) Kanadanyň ýygyndysy ýaryşy tamamlapdy.

Ýene-de bir ýer eýesi bolan Amerikalylar bolsa 1/8 finaldaky oýnuny 7-nji iýulda Belgiýanyň toparyna garşy geçirerler.

Angliýany ýygyndysy yzly-yzyna üçünji gezek dünýä çempionatynyň çärjek finalyna çykdy. Iňlisler 2018-nji ýylda dördünji orny eýeläpdiler, 2022-nji ýylda bolsa 1/4 finalda ýaryşdan çykypdylar.

Meksikanyň ýygyndysy bolsa soňky 40 ýylyň içinde ilkinji gezek çärjek finala çykyp bilmedi. Meksikalylaryň dünýä çempionatlaryndaky iň gowy netijesi 1970-nji we 1986-njy ýyllarda çärjek finala çykmaklary bolup galýar.

Related posts

“Barselona” Kumany wezipesinden boşatdy

Ata Watan Eserleri

Tälimçisine iň köp hak töleýän topar

Ata Watan Eserleri

“Formula 1” Angliýa Gran Prisiniň ýeňijisi yglan edildi