SPORT

Türkmen futzalçylary ilkinji 70-likde

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy dünýäniň iň güýçli 70 ýygyndysynyň arasyndaky ýerini saklap galýar. Ýakynda täzelenen bütindünýä reýting-sanawynda milli ýygyndymyz 69-njy orunda görkezildi.

2021-nji ýylyň 23-nji martyndan 3-nji apreli aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýän milli ýygyndymyz sanawyň aziýaly toparlarynyň arasynda 15-nji orny eýeleýär.

Ýeri gelende aýtsak, bütindünýä sanawynyň ilkinji bäş ornunda Ispaniýanyň, Braziliýanyň, Argentinanyň, Russiýanyň we Portugaliýanyň ýygyndylary bar. Aziýadan iň güýçli ýygyndy hökmünde görkezilýän Eýran umumy sanawyň altynjy basgançagynda.

Geljek ýyl geçiriljek yklym çempionatynda türkmen futzalçylary Wýetnamyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen «A» toparçada ýaryşar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy