SPORT

Şotokan karate: türkmen türgenleri dünýä çempionatynda 72 medal gazandy

Şu ýylyň 8 — 10-njy sentýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sportuň Şotokan karate görnüşi boýunça 13-nji dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi.

Ulularyň, kadetleriň hem-de ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşlara 31 ýurtdan 1500-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 64 karateçi wekilçilik etdi. Bu ýerde türkmen türgenleriniň ählisiniň diýen ýaly medallara eýe bolmagy başarandyklary aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Umuman, türkmenistanly karateçiler dürli medallaryň 72-sine eýe boldular. Şolaryň 13-si altyn, 20-si kümüş, galan 39-sy bolsa bürünç medallardyr. Türkmen ýygyndysy toparlaýyn hasap boýunça hem dünýäniň iň güýçli bäşligine girmegiň hötdesinden geldi.

Related posts

Pol Pogba “Monako” topary bilen şertnama baglaşdy

Ýewropanyň gyzykly futbol duşuşyklary “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda

Türkmenistan bilen Gazagystan sport hyzmatdaşlygyny ösdürer