SPORT

Türkmen türgeni Saud Arabystanyda kiçi bürünç medal gazandy

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty dowam edýär. Erkekleriň arasynda 81 kg agram derejesinde çykyş eden türkmenistanly agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew kiçi bürünç medal gazandy.

Ol itekläp götermekde 3-nji synanyşygynda 193 kg agramy galdyrdy. Bu görkeziji iň ýokary 3-nji görkeziji bolup, ildeşimiz kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Itekläp götermekde indoneziýaly Rahmat Erwin Abdullah 209 kg agramy galdyryp, bu babatda rekord goýdy. Bolgariýaly Božiýar Andreýewiň galdyran 195 kg agramy, oňa kümüş medal gazandyrdy.

Umumylykda 81 kg agram derejesinde jemi 356 kg agramy galdyran italiýaly Oskar Reýes altyn medala mynasyp boldy. Ol birbada götermekde 2-nji (163), itekläp götermekde-de 4-nji ýeri (193) eýeledi.  354 kg agramy galdyran Rahmat Erwin Abdullah kümüş, 352 kg bilenem özbegistanly Muhammadkodir Toştemirow bürünç medal gazandy. Rahmat Abdullah birbada götermekde 145 kg bilen 15-nji orny eýeledi. Muhammadkodir Toştemirow birbada götermekde 1-nji ýeri eýelän hem bolsa, itekläp götermekde 6-njy ýere mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady