SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Merkezi Aziýa bilen Günorta Koreýanyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagy meýilleşdirilýär

Seulda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariaty, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalary bilen bilelikde syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan tegelek stol gurnady. Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda syýahatçylyk pudagynyň ösüşi, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşyldy. “Akylly syýahatçylygyň” üstünlikli tejribesini öwrenmegiň we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Tegelek stoluň barşynda türkmen tarapy gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideoşekiller görkezildi.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy