SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG-niň Baş direktory sanjym etdirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Gebreýesus koronawirus ýokanjyna garşy sanjym aldy. Bu barada BSGG-niň “Twitter” jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, BSGG-niň ýolbaşçysy hemmeleri sanjym bolmaga çagyrdy.

– Şu gün koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolmak nobaty maňa gelip ýetdi. Ženewadaky uniwersitet hassahanasynda sanjym boldum – diýip, Gebreýesus belläp geçdi. Şelýe hem BSGG-niň ýolbaşçysy sanjymyň durmuşy halas edýändigini we şonuň üçin möhüm bolup durýandygyny aýtdy.

BSGG-niň Baş direktorynyň haýsy sanjymy urdurandygyny mälim etmedi.

– Egerde siz hem meniň ýaly, bir döwletde ýaşaýan bolsaňyz, şol ýerde hem sanjym bar bolsa, nobatyňyz ýetende sanjym etdiriň – diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy belläp geçdi.

 

AFK-nyň Kubogy-2021: türkmen toparlarynyň duşuşyklary başlaýar

 

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler