SPORT

Türkmenistan Dewis kubogyna taýýarlanýar

Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň kubogyny almak ugrunda halkara tennis ýaryşlaryň tapgyrlaýyn duşuşyklaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dewisiň kubogynyň çäklerinde Dewid Haggertiniň Türkmenistana saparyny gurnamak baradaky meselelere hem seredildi.

Mundan başga-da, ilat arasynda tennisi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzda hünär taýdan tennise ýöriteleşen türgenleri taýýarlamak maksady bilen, taraplar Halkara tennis federasiýasynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Iş meýilnamany işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar