SPORT

“Real Madrid” ýene bir kubogyň eýesi boldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary ýene-de bir möhüm kubogyň eýesi boldy. Kataryň paýtagty Lusiala şäherinde Yklymara kubogyň final duşuşygy geçirildi. Onda “Real Madrid” topary bilen Meksikanyň “Paçuku” topary duşuşdy.

Duşuşykda 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” topary kuboklarynyň üstüni ýene-de bir kubok bilen doldurdy. Final oýnunda ispan toparynyň düzüminde Kilian Mbappe, Rodrigo we Winisius tapawutlandy.

“Real Madrid” topary Yklymara kubogynyň finalyna Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşdy. “Paçuka” topary bolsa 2024-nji ýylda Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karib basseýni Futbol konfederasiýasynyň ýeňijisini hökmünde gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Yklymara kubogy 2004-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ýaryşa 7 topar gatnaşdy. “Real Madrid” topary Yklymara kubogyny iň köp gazanan topardyr. 4 gezek bu kubogy gazanan “Real” topary klublaryň dünýä çempiony boldy.

2025-nji ýylda klublaryň dünýä çempionaty geçirilip, oňa 32 topar gatnaşdyrylar. Ýaryş 2025-nji ýylyň 15-nji iýuny-13-nji iýuly aralygynda geçiriler. Onuň pul baýragy 2,5 milliard dollara deň bolar.

Related posts

Maradonanyň adyny göterýän uçar

Ata Watan Eserleri

Messiden topar ýoldaşlaryna “altyn” telefon

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini