JEMGYÝET

Türkmenistan bilen BAE dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Abdulnasr Jamal Al Şaali bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Iki ýurduň konsullyk hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigi nygtalyp geçildi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketlere seredip geçdiler, sebit we halkara gün tertibi boýunça nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki işjeň özaragatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar we parahatçylyk söýüjilik maksatly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň dowam edilmegi babatynda pikirlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, hususan-da COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň saklanylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalarynyň biri hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň göni wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek üçünji mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda duşuşygyň gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşmak boldy. Diplomatlar nobatdaky duşuşygyň söwda, maýa goýumlar, nebitgaz pudagy, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we azyk üpjünçiligi, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk çuňlaşdyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar