BILIM

Türkiýede bilim alýarsyňyz, emma puluňyz ýetenokmy? Onda size goşmaça talyp haky!

Türkiýede öz hasabyna ýokary bilim alýan daşary ýurtly talyplar üçin hoş habar! Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy (YTB) tarapyndan «Başarı Burs Programı» (Üstünlik talyp haky maksatnamasy) boýunça arzalar kabul edilýär.
Bu maksatnama Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde öz serişdeleriniň hasabyna okaýan we hiç bir edaradan stipendiýa kömegini almaýan daşary ýurtly talyplara niýetlenendir.
Kimler ýüz tutup biler?
Türkiýede bakalawr, magistratura ýa-da doktorantura derejesinde bilim alýan, okuwyny öz hasabyna dowam etdirýän we başga bir guramadan talyp haky almaýan daşary ýurtly talyplar bu maksatnama ýüz tutup bilerler.
Talyp hakyny[ möçberi näçe?
Maksatnamanyň çäklerinde talyplara bilim derejesine görä aşakdaky möçberlerde talyp haky göz öňünde tutulýar:
  • Bakalawr talyplaryna – 6 500 türk lirasy
  • Magistratura talyplaryna – 9 500 türk lirasy
  • Doktorantura talyplaryna – 13 000 türk lirasy
Arzalar haçan kabul edilýär?
Arza kabul edişlik 2026-njy ýylyň 6–27-nji noýabry aralygynda dowam edýär.
Türkiýede bilim alýan türkmenistanly talyplar hem maksatnamanyň degişli şertlerine laýyk gelen ýagdaýynda bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.
Maksatnama barada giňişleýin maglumat almak we arza tabşyrmak üçin Türkiýe stipendiýalarynyň resmi internet sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz:
Çeşme: YTB – Türkiye Bursları, Başarı Burs Programı.
Atavatan Media

Related posts

Türkiýäniň ýokary bilim ulgamy onlaýn sergide tanyşdyrylar

Halkara gatnaşyklary instituty: Talyp 2021

Ata Watan Eserleri

Dalaşgär-2026: Türkmen döwlet medeniýet instituty