DÜNÝÄ

«Imperator» Fatih Terime «Global sport baýragy» gowşuryldy

2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkiýäniň Alanya şäherinde Global Žurnalistler Geňeşi (KGK) tarapyndan geçirilen 6-njy Global media duşuşygynyň çäklerindäki halkara baýrak gowşurylyş dabarasynda Türkiýäniň meşhur futbol tälimçisi, «Imperator» lakamy bilen tanalýan Fatih Terime «Global sport baýragy» gowşuryldy.
Baýragy Fatih Terime Kosowanyň 6-njy Prezidenti, hanym Wýosa Osmani (Vjosa Osmani) gowşurdy.
Fatih Terim bu baýraga halkara sport ulgamynda gazanan üstünlikleri we türk futbolynyň dünýä derejesinde tanalmagyna goşan goşandy üçin mynasyp görüldi.
Dünýäniň 32 ýurdundan 350-ä golaý žurnalistiň gatnaşmagynda geçirilen halkara çärä Global Žurnalistler Geňeşiniň Türkmenistandaky wekili, «Atavatan Türkmenistan» neşiriniň baş redaktory, hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow hem gatnaşdy.

Related posts

BMG-niň merkezinde Halkara Nowruz güni bellendi

Howanyň hiline gözegçilik

Ata Watan Eserleri

Pakistanda TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlanar

Ata Watan Eserleri