DÜNÝÄ

Fransiýada prezident saýlawlarynyň wagty belli boldy

Fransiýada nobatdaky Prezidentlik saýlawlary 2022-nji ýylyň 10-njy we 24-nji aprelinde geçiriler. Bu hakda Fransiýa hökümetiniň wekili Gabriel Attal mälim etdi.

Saýlawlaryň birinji tapgyry 10-njy aprelde, ikinji tapgyry 24-nji aprelde bolup geçer . Attalyň aýtmagyna görä, Parlament saýlawlary bolsa 2022-nji ýylyň 13-nji we 19-njy iýunynda geçiriler.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 2017-nji ýylyň 14-nji maýynda öz işini eýeländigi sebäpli, onuň ikinji prezidentlik möhletiniň başlamagy, häkimiýeti öz mirasdüşerine tabşyrmagy 2022-nji ýylyň 13-nji maýyndan gijä galmaly däldir. Makronyň ikinji möhletde hem işlemegine garaşylýar.

Şeýle hem, oňa Prezidentlik saýlawlarynda «Milli frontyň» lideri Marin Le Pen we öňki Zähmet ministri Ksawe Bertran bäsdeşlik etmegi mümkin.

DaÅŸkentde “Ğ¡5+1” formatyndaky nobatdaky duÅŸuÅŸyk guraldy

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy