SPORT

Ronaldo karýerasyndaky 980-nji goluny geçirdi

Portugaliýaly «Al-Nasr» futbol klubunyň oýunçysy Saud Arabystanynyň çempionatyndaky duşuşykda tapawutlandy. «Altyn top» baýragynyň bäş gezek eýesi, portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň çempionatynda «Al-Nasr» toparynyň düzüminde «Al-Diriýa» garşy geçirilen duşuşykda gol geçirip, professional karýerasyndaky 980-nji goluny öz hasabyna ýazdyrdy.

Ronaldo duşuşygyň 23-nji minutynda hasaby açdy.

Ozal Ronaldo türgenleşik ýygnanyşygynyň ortasynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýerleşýän ýerinden gidipdi.

Futbolçy Milletler ligasynyň täze möwsüminiň Uelsiň ýygyndysyna garşy geçirilen ilkinji duşuşygyna (1:0) gatnaşdy. Şondan soň Norwegiýanyň ýygyndysy bilen geçirilen oýunda (2:1) ätiýaçdaky oýunçylaryň hatarynda galdy.

Ronaldo 41 ýaşynda. Ol Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir.

Futbolyň taryhynda, milli ýygyndylaryň duşuşyklarynda, Ýewropa çempionatlarynda, Çempionlar ligasynda we klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatlarynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordlar oňa degişlidir.

Futbolçy 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri «Al-Nasr» toparynda çykyş edýär. Hüjümçi karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real Madrid» we Italiýanyň «Ýuwentus» toparlarynda hem oýnady.

Häzirki wagtda Ronaldonyň klub derejesinde geçiren gollarynyň sany 834-e ýetdi. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa ýene 146 gol geçirdi.

Related posts

Sport habarlary gysga setirlerinde…

Türkmen türgenleri bürünç medallaryň eýesi boldy

Real Madrid topary Karim Benzemanyň gidýändigini habar berdi