Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) howandarlygynda emeli aň boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda ýörite forum geçirmegi teklip etdi.
Gazak Lideri bu teklibi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde öňe sürdi.
Tokaýew emeli aňy ösdürmek strategiýalary, kanunçylyk we döwlet goldaw çäreleri boýunça tejribe hem-de öňdebaryjy iş tejribeleri alyşmak üçin mehanizm döretmegi hem goldady. Bu işe ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdeplerini, kompaniýalary we startaplary çekmek teklip edildi.
Onuň bellemegine görä, täze tehnologiýalary özleşdirmek we öz işläp taýýarlamalaryny durmuşa geçirmek ukyby Arkalaşyga agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny kesgitleýän esasy faktora öwrülýär.
Gazagystanyň Prezidentiniň ýene bir başlangyjy 2027–2030-njy ýyllar üçin GDA-nyň öňdebaryjy senagat-tehnologik taslamalarynyň toplumyny döretmek boldy. Ol goşmaça gymmaty ýokary bolan önümleri öndürmäge ünsi jemlemegi, şeýle hem bu işe ösüş institutlaryny, maliýe guramalaryny we işewür toparlary çekmegi teklip etdi.
Ulag hyzmatdaşlygy barada aýdyp, ol «Demirgazyk–Günorta», «Günbatar Hytaý–Günbatar Ýewropa» halkara ulag geçelgelerini we Hazarüsti halkara ulag ugruny (TMTM ýa-da Orta geçelge) ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Mundan başga-da, Tokaýew hyzmatdaşlygyň geografiki çägini giňeltmek we guramanyň Ýewraziýa derejesindäki açyk hyzmatdaşlyk meýdançasy hökmünde ornuny berkitmek maksady bilen, ilkinji «GDA+» sammitini geçirmegi teklip etdi.
