Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bedew batly tutumlar, şanly wakalar bilen şöhratlanýan günlerinde giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz!
Saglyk bagtyýarlygyň we ösüşleriň binýady, rowaçlyklaryň gözbaşydyr. Pederlerimiziň «Saglyk — iň uly baýlyk», «Saglygym — begligim» diýen dürdäne jümlelerinde saglygyň ähli zadyň sakasydygy baradaky hakykat öz beýanyny tapýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilendigini aýdyň görkezýär. Siziň baştutanlygyňyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, adamyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda alnyp barylýan bimöçber işleriň nusgalyk häsiýete eýe bolandygy bizi örän guwandyrýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Täze taryhy döwürde «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alnyp durmuşa geçirilýän tutumly işler ynsan saglygy hakynda döwlet derejesindäki aladany dabaralandyrýar. Strategik häsiýete eýe bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda amala aşyrylýan, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, Garaşsyz Watanymyzyň berk binýatly saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi.
Gözel Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berlen häzirki zaman saglygy goraýyş desgalary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler, hassahanalardyr şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar halkymyza ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezleri innowasion tehnologiýalaryň hem-de daşary ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen tapawutlanyp, halkara derejede ykrarnama eýe bolýar. Ynsan saglygynyň goragynda durýan lukmanlaryň we hünärmenleriň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmekleri, iş tejribesini baýlaşdyrmaklary ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýär. Bularyň ählisi Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyňyzyň durmuş hakykatyna öwrülýändiginiň güwäsidir.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Biz ýurdumyzda saglygy goraýşyň halk lukmançylygynyň iň kämil däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylan döwrebap ulgamyny döretdik. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy ýaly abraýly düzümler, dünýäniň belli klinikalary bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sanly we telelukmançylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Siziň başda durmagyňyzda «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy, paýtagtymyz Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyşda dialogyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça halkara maslahatlardyr duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň ynsan saglygyny goramak ýaly möhüm ugurda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge işjeň gatnaşýandygyny subut edýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň kuwwatyndan ýokary derejede peýdalanmak, olary emeli aňyň mümkinçiliklerine daýanýan innowasion ugurlara gönükdirmek ugrunda netijeli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şanly ýylda ak mermerli paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi tutuş halkymyza döwletiň saglyk serpaýy, saglygy goraýyş işgärlerimiz üçin bolsa hünär baýramyna ajaýyp sowgat bolar. Siziň baştutanlygyňyzda bu ugurdaky asylly işleriň geljekde has-da rowaçlanjakdygyna, halkymyzyň saglygyny goramagyň, her bir adamyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň döwletimiziň baş maksady bolmagynda galjakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitlerini, ynsan hakyndaky hakyky aladany döwlet syýasaty derejesinde dabaralandyrýan şanly sene — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz ýurdumyzda sagdyn hem kämil jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.
