SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

2026-njy ýylyň fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragyna optogenetikanyň döredilmegine getiren açyşlary üçin Karl Deýsserot, Peter Hegemann we Georg Nagel mynasyp boldular. Bu usul alymlara yşygyň kömegi bilen janly beýnidäki aýry-aýry nerw öýjükleriniň işjeňligini açmaga we öçürmäge mümkinçilik berýär. Bu barada baýragyň saýtynda habar berilýär.

Peter Hegemann we Georg Nagel öýjükleri yşyga duýgur etmäge ukyply belok bolan kanalrodopsini açdylar. Alymlar bu häsiýetiň belogyň haýsy öýjüklere ýerleşdirilýändigine garamazdan saklanýandygyny anykladylar.

Karl Deýsserot bu açyşy nerw ulgamynda ulandy. Ol kanalrodopsin genini syçanlaryň neýronlaryna girizdi we gök yşygyň kömegi bilen olarda nerw impulsyny başladyp bolýandygyny ýüze çykardy. Soňluk bilen alym şol bir usul bilen diri syçanlaryň beýnisinde gös-göni neýronlaryň işjeňligini dolandyrmagy başardy.

Bu açyşlaryň esasynda işlenip düzülen usul «optogenetika» diýen ady aldy. Ol belgili bir nerw öýjüklerini ýokary takyklyk bilen dolandyrmaga we olaryň işjeňleşdirilmeginiň ýa-da basylyp ýatyrlymagynyň beýniniň işine nähili täsir edýändigini synlamaga mümkinçilik berýär, diýip lenta.ru habar berýär.

Häzirki wagtda optogenetika neýrobiologiýa barlaglarynda giňden ulanylýar.

2025-nji ýylda lukmançylyk boýunça Nobel baýragyny immun ulgamyny öz-özüni ýok etmekden saklaýan düýpli mehanizmi açandyklary üçin Meri E. Branko, Fred Ramsdell we Simon Sakaguti alypdylar.

Related posts

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar

Türkiýe iýul aýyndan syýahatçylary kabul etmäge taýýar

Gyrgyz Respublikasynda köpçülikleýin sanjyma girişildi