JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherindäki Arkadagyň ruhy metjidiniň ýanyna geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyza metjidiň gurluşygynda we bezeginde ýerine ýetirilýän işler we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berdiler.

ahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri ýokary derejede tamamlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, hususan-da, bu ýerde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň we çagalar bagynyň gurluşyklary, metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly seneler, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiziň täze jaýlardan paýly bolmaklarynyň guramaçylyk ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi.

Soňra hajy Arkadagymyz 30 müň adama niýetlenen Arkadagyň ruhy metjidini we onuň ugurdaş desgalaryny hem-de olarda oturdylan gapylary synlady. Gahryman Arkadagymyz metjidiň 1500 orunlyk sadaka jaýyna bardy we bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady. Bu ýerde Arkadagyň ruhy metjidiniň baş ymamy Ý.Hojagulyýew sadaka jaýynyň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ulanylýan serişdeler barada maglumat berdi.

Soňra hajy Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän medresä bardy. Geljekde medresäniň otaglarynda ähli zerur şertler üpjün ediler. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, medresede din ugrundan bilim aljak ýaşlaryň berilýän sapaklary degişli derejede özleşdirmeklerinde zerur hasaplanylýan mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, medrese milli ýörelgelere hem mahsus bolmalydyr.

Soňra hajy Arkadagymyz 6-njy oktýabrda ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilýändigini aýdyp, öten-geçenlerimizi ýatlap, şeýle hem ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna doga-dilegleriň edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

“Arkadagyň ruhy metjidiniň” baş ymamy öten-geçenlerimiziň ruhunyň şat, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik maksatlary nazarlaýan ýagşy işleriniň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.

Related posts

“Pegasus”: Aýyň ahyrynda uçar gatnawlaryna başlarys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömegini berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen metbugatynda-11.02.2019

vepa