TEHNOLOGIÝA

Ýewrokomissiýa 13 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial ulgamy gadagan etmegi meýilleşdirýär

Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewroparlamentinde eden ýyllyk çykyşynda «Kids Act» diýlip atlandyrylan kanun taslamasyny hödürledi. Bu resminama laýyklykda, 13 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial ulgamlardan peýdalanmak gadagan ediler. Bu barada «AZERTAJ» agentligi habar berdi.

Kanun taslamasy ýaş aýratynlyklaryna baglylykda tapgyrlaýyn çäklendirmeleri göz öňünde tutýar. 13 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial ulgamlardan peýdalanmak gadagan ediler. 13 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky ýetginjeklere günde bir sagat çäklendirme bilen diňe mini-akkauntlary ulanmaga rugsat berler, 15 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky ulanyjylar üçin bolsa platformalar ýörite howpsuz dizaýny ornaşdyrmaly bolarlar.

«Men hünärmenleriň ýörite toparyny çagyrdym – indi bolsa Ýewropanyň hereket etmeli wagty geldi. Ýewrokomissiýa «Kids Act» kanun taslamasyny hödürlär. Biz tapgyrlaýyn we tapawutlandyrylan çemeleşmäni ulanarys, her bir ýaş döwri üçin aýratyn gorag derejesi saýlanar» diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi.

Ýewropa komissiýasy sosial ulgamlarda, onlaýn oýunlarda we emeli aň binýadyndaky çat-botlarda hyzmat berýän kompaniýalardan çagalaryň girip bilmezligi üçin öz hyzmatlaryna ýaş çäklendirmelerini ornaşdyrmaklaryny talap eder.

Kanun taslamasyna laýyklykda, «Kids Act» düzgünlerini bozmak jerime salynmagyna getirip biler. Munuň üçin degişli mehanizm eýýäm Ýewrokomissiýa tarapyndan döredildi.

Related posts

“Google”-dan peýdaly funksiýa

“Apple”-iň täze önümleri: iň güýçli planşet

Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamy ösdürilýär